Manty we mantyk

Güýçlüler aglasa ägä bolmaly, Güýçli ýöne ýere aglaýan däldir. G.Ezizow

Hany sende mantyk, adam,
hany sende logika,
ýa-da doýup palawdan ýa mantydan,
güýçlüler aglanda gülüp, ýaňsylap,
ejizler aglanda düşünen bolmak,
gözüň ýaşsyz, aglan bolmak mantykmy,
ogry bolup işläp ozal,
işden kowsa ogrularyň ogrusy,
kanunlaşan özüň ýaly, elbetde?
Dogry, pursat geldi, düşünmeýän kän,
ýöne bar-a bilýänelerem milletde,
sen çekmersiň, götermersiň hiç haçan,
ýüzüňe aýdylsa sözüň dogrusy.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024