Iň ýamany

Kim aýdanda näme, haýsy ülkede,
serhetden ýa okeandan aňyrda,
hiç diktator guly saýsa milleti,
çünki şalar geler, geçer,
iň ýamany ilde, milletde, belki,
kaýyl bolsa çydamaga, çekmäge,
hem gideniň, hem geleniň minnetin,
gulçulykda bolsa höçjet hem kejir,
üstesine pikir etse, ynansa,
hudaý beren durmuş azap hem ejir!

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2020