Surat

Ýyrtyk meselesi

Ýyrtylan köýnegi ýamap ýa ýörmäp,
geýip bolar ýene biraz, aýyp däl,
çatyp bolar ýyrtyk köwşi, balagy,
ýa-da hapalansa, ýuwlar, ardylar,
ýene ulanylar itiň ýalagy,
ýöne ýyrtylan ýüz, görkezme, alla,
ne çatylar, ne ýamalar,
ne ýuwular ýalak ýaly,
at üstünde bolsun, bolsun pyýada,
bir bolar gylygy ýüzi ýyrtygyň,
diňlemez ol aýdylany, diýleni,
dogry sözden öler ýaly çekiner,
ýa eşitmez islemeýän zadyny,
etjegini edip, kerlige salyp,
ýere sokar il-gününiň adyny.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2020