"Bolanogyň" awtoryna
Ol saňa 'bolanok', dogan,
bu maňa 'bolanok', dogan,
emma bolýar dikilene,
oturana öli, diri,
oturdylan ýerde mäkäm,
ýa çalajan, parhy näme,
goldaýana ony içden,
goldaýana ony daşdan,
has rahat orunlarda,
sagda, solda, ýokarlarda,
girdejisi gowy örän,
asfaltdan ýa halydan däl,
ejiziň ýüzünden ýörän,
çünki olar bize görä
has eserdeň, has edenli,
öwrenýänçäk görmegi biz,
tanamagy il-ulusyň
egrisini, düzüwini,
bu 'bolanok' dowam eder,
etek bilen ýapyp güni.