Surat

Il aglak bolsa

Öňki başlyk, egnindäki penjegi
ýa-ha uly, ýa-da kiçi,
hiç ylaýyk bolmaýan,
soňuna çen okamadyk bir kitap,
eli gelip, diplom alan,
aýal-oglan-uşak, garyp obalyň
ýygan pagtasyny ogurlan, salan
kim-kimleriň jübüsine,
öz paýynyň arkasyndan,
indi güni geçýär gowy,
iýse palaw ýa-da gutap,
gülýär ile garyp, pakyr,
arasynda Pyragyny ýazgarýar,
goşgusy dereksiz, sözi ýüreksiz,
sebäbi çetine degýär
haramhor beglere aýdan-diýeni,
şeýle bolýar millet aglak düşende,
ýerinde oturtman haram iýeni.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2020