Tahýa syýasatynyň soňy

Tahýa syýasaty geldi petige,
ýa özüne garşy işleýär indi,
Günbatardan gün dogan dek hamala,
ýalan, talaň arkasyna öwrüldi.

Aýdym syýasaty, saz syýasaty,
aýdymçynyň agysyna aýlanýar.
Ýel, harasat ýykýar galan jaýlary,
ýurt ýykan hökümet çökýär dyzyna,
ahyrynda çäç harpykdan saýlanýar.

Telpek syýasaty, don syýasaty,
açlyk syýasaty, nan syýasaty,
bokurdakdan bogmak, milleti sagmak,
berekella, iş bitridiň, getirdiň,
gaýdyş pellesine ezilen ili,
oturjakdy çörek bolsa, çaý bolsa,
alajy ýok indi, guşaýar bili.

Belki-de düşündi, kömek ýa ýardam,
alladan, ýat ilden geljek däl, açyk.
Ýurduny ýitiren çörek yzynda,
özüni tanaýar özünden gaçyp.

Tahýa syýasaty geldi petige,
dondur telpek öz-özüni ýok edýär.
Ýat illerde her gün agşam düýşünde,
ýurdundan aýrylan ýurduna gidýär...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2020