Soňky pursat

Diktator bir jeset, öli,
emma diri saklaýarlar,
derman bilen, däri bilen,
çünki gerek, bilýärsiňiz,
aýal aýal äri bilen,
erkek erkek bolmaz onsuz,
ýurdy ýykan ogry-jümri
nädip mydar etsin şonsuz,
ýöne indi ýagdaý agyr,
bitdi ýürek, bitdi bagyr,
oýnatgy il tozdy halys,
çöregi ýok, pişmesi ýok,
düýeýüňden saçagynda,
diktator bir jeset, öli,
kyn oň bolsaň gujagynda.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024