Surat

Ynanmak kyn

Ynanmak kyn, gorpa gaçan milletiň,
telperleşen tahýa ýaly ýüz ýyllap,
guluň guly, guluň gulunyň guly,
tahýasyndan galdyrmagna başyny,
ýüz ýylda bir garanjaklap daşyny,
biljek bolmagyna nämeler bolýar,
ýa kim iýdi gazan doly aşyny,
ýa çykmady allasyndan tamasy,
bolmadyk, gelmedik hemem diýmedik
adamhor bolana beýik däl, asy,
ýa-da açlyk ahyr bitirdi işin,
haly syýasaty, at syýasaty,
telpek syýasaty, it syýsaty,
belki, soňuna çen döwmändir dişin?!.

Halal maly bolan milletiň ozal,
aty haram, haram ýaragy boldy,
halysy düşeldi iň pese, pise,
ogurlyga perde boldy ak gyňaç,
düýeýüň saçagy, pişmesi hatda,
ynanmak kyn, tahýa gaçan milletiň,
turjagyna, galjagyna aýatda.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2020