Işlejek bolsaň
Galak ilde iliň üçin işleseň,
ilki öwren goranmagy iliňden,
ogrusyndan, jümrüsinden milletiň,
at gazanan, ýokarlarda oturan,
tagamyny dadan süýji durmuşyň,
soňra bahyllardan, ähli ugurda,
köýnegine, balagyna pul tapsa,
köwşüne pul tapyp durmaýan mydam,
gybat eder ýa-da gürrüň ýaýradar,
başga ýol tapmasa ejizlän adam.
Eger iliň üçin işlejek bolsaň,
owal-başda öwren goranmagy sen,
hüjüm edip, gala alyp bilmersiň,
düşündirjek bolma özüňi mydam,
ýa zaýalap ýörme sözüňi mydam,
wagty, zamanasy gelende bir gün,
görer görjek ganýaş gözüňi mydam,
goran iliň nadanyndan işleseň,
sowul ýoldan gelýän bolsa öňüňden,
dalar egsik görse, ýüzüňi mydam.