Tomaşaçy meselesi

Ýuwaşjadan aýdyp, diýip,
hatda ýazyp günde, günaşa, agşam,
gijeler oturyp, biliňi büküp,
düşündirip ýa aňladyp bilmeseň,
eşiden bolmasa sözüň, pikiriň,
näme ýazýaň, näme diýýäň, zeýrenýäň,
alga alan bolmasa hiç seni däl,
öz janyny, ýa dökülýän ganyny,
bir asyrmy, iki asyr, üç asyr,
gygyryp, bagyryp, düwüp ýumrugyň,
çykmalymy geýip gazap donuny,
görjek bolup köpelýänin iň bolman
her hilije tomaşaçyň sanyny?

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2020