Surat

Partiýanyň gurjaklary

Bu sowet taryhy, gitmedik daşa,
sen partiýa agzasy bol ýa bolma,
partiýanyň ýygnagyna barmaly,
diňlemeli ýoldaşlaryň aýdanyn,
akylyny saňa berýän, öň, ozal,
duz-emek boluşan, toý-ýasa baran,
adam ýaly gürrüň eden dostlaryň,
kärdeşleriň birden partiýa hakda,
watan hakda akyl berip başlanda,
başga adam bolan ýaly bir günde,
mümkin däl, görýärsiň, ýok diýseň çala,
sen partiýa agzasy bol ýa bolma,
partiýadan çykarjaklar,
çykarjaklar itden, belki,
partiýanyň ýa toparyň, türkmençe,
elindäki ýüregi ýok gurjaklar.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024