Surat

Kommunist şermendeligi

Sen adamda saýgarmasaň adamy,
göresiň gelmese barmy ol asla,
ýa-da görüp, inkär etseň ýok diýip,
ýa gürleşip, gep-gürrüňde oňuşman,
düşünişmän niýet başga bolansoň,
has dogrusy, adam bolman o diýen,
subut edip bilmän diýýän zadyňy,
ýa deliliň bolman, bulaşyp, bozup,
öz adyňy özüň, öz sözüň bilen,
haýwan diýen bolsaň başga birine,
ýa-da töhmet atsaň ol ýa-da başga,
ýapa degmez, kän atylan ozallar,
bilýär muny barça kommunist guly,
bolşewigiň oýunjygyn oýnasaň,
üstesine türmäň bolmasa uly,
nökerleriň tutup gelýän, gynaýan,
pikir etme, ýeňdim diýip hiç haçan,
diňe ýeňileniň edersiň aýan.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024