Emläksiz migrantyň arzuwy
O pahyr öň şahyr bolmak isledi,
ýalbardy ýazýana: "Öwred-äý, walla?!"
Soň hekaýa ýazmak isledi uzak,
pikir etdi süýse, roman bolar,
terjime etdirse, meňzär bir zada,
at-abraý alar, dünýä tanalar,
interwiýu berer sagda we solda,
arasynda boljak boldy žurnalist,
alýan aýlyklaryn görüp düýşünde,
emläk edinmekçi bolsa huşunda,
adamlaryň hukugyny gorady,
guýa gaçanlara ýalan ýüp sallap,
emma garaşanyn bermedi alla.
Indi arzuw edýär jellat bolmagy,
gowy ýazanlardan aryn almagy.