Surat

Zyýanly galyndy

Bu adatdyr, aýralyga aglarlar. Magtymguly

Her kim özün köşeşdirýär birhili,
biri ýat-kesekä elini berýär,
beýlekisi ýere sokýar öz ilin...

Azanlar agynyň üstünden güldi,
söze siňen, saza siňen asyrlyk,
adamy içinden iýýän, gemirýän
armanyň üstünden güldüler olar,
iki günlük mesligini götermän,
biriniň däl, bütin adam oglunyň,
kesä çekip hasratyny, dowluny.

Azgynlar gözýaşyň üstünden güldi,
ili üçin aglaýany ýaňsylap,
halky üçin aglaýany ýaňsylap,
ýurdy üçin aglaýany ýaňsylap,
hemem halkyň hasratyna gyýylýan,
il-günüň derdini çekýänden boldy,
azanlar aýdymyň üstünden güldi.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2020