Buýsanç
Öz halkyňy düşündirseň özüňe,
başgalaryň düşünmesi gümana,
özüni özüne tanatsaň iliň,
iň bolmanda birazajyk, umuman,
öz-özüni ýok edýänin aňlatsaň,
öz diliňde gürläp, agysyn aglap,
her gün irden tursaň eliň galamly,
ýa-da agşam ýene galamly ýatsaň,
hemem olar isleseler düşünmek,
özlerini ýok edýäni diňlemän,
gulak asman saňa dönük diýýäne,
gözleriniň ak-garasyn iýýäne,
aýagasty edip özün, çagasyn,
sen halkyňy düşündirseň özüňe,
özüni tanatsaň özüne onuň,
ahyr biri diýse içinden turup:
düşündim men, duşman däl sen!
Gygyrasyň geler döşüňe urup...