Surat

Iň täze teoriýa

Adam aýtdy:

"Meniň pikirimçe, post-sowet ýurtlarynda, eli ganly bolşewiklerden, ikýüzli kommunistlerden soňky döwürde gurlan hapa hökümetlere garşy diňe olaryň öz içinden çykan, hapalykda wezipesinde oturanlardan kem bolmadyk adamlar oppozisiýa bolmaly. Sebäbi ol hapa hökümetler sada, arassa adamlary ýüzüniň ugruna, deňizdäki läheňleriň kiçi balyklary sürüläp ýuwduşy ýaly, aňsatlyk bilen ýuwdar. Emma özleri ýaly hapalykdan geçen, hapalygy bilýän ýa-da kähalatda olaryň özlerindenem hapa bolup biljek adamlar aňsat özüni ýuwutdyrmaz. Şuňa bil baglamaly. Elbetde, hapany hapa ýeňse, soň arassalyk, aýdyňlyk bolar diýmeýärin. Ýöne durmuş diýilýän zat bir ädim öňe ädip, iki ädim yza gaýdyp ösýäne meňzeýär. Häzirlikçe, başga ýol gömeýärin."

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024