Surat

Başgadan edilen dileg

Özüňde ýok, älemde ýok. Nakyl

Adam, öz hudaýyn terk eden birçak,
çagyrdy allasyn arabyň aglap,
özüniňkä seretmeýän allany,
şaly, şazadaly, köşgi-eýwanly,
nebit-gazly eden, belki, eçilip,
gylyç bilen kelle kesýän her ýylda,
has gahary gelse käte,
žurnalisti pyçgy bilen dograýan,
daşarda däl, konsulhana çagyryp,
adam, gök taňrysyn terk eden birçak,
alla, hudaý, ýetiş diýýär ýadaman,
sesden galsa, gözi bilen bagyryp.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024