Ajy hakykat

"Men çagamyň doglan ýerinde ösmegini, beýleki çagalar bilen oýnap, öz dilini öwrenmegini isleýän." Türkmen migrantynyň gürrüňinden

Ozal hakykaty aýdan-diýeni,
ýazany has beter, galamjyk alyp,
gorkuzardy KGB-çi ofiser:
çagalaryň geçýär köçeden, walla,
a maşyn kän, özi gorasyn allaň...

Sebäbi bilýär ol kanuny ýurduň
bolşewigiň türmesi hem dürresi,
öldürmek, ýok etmek adatdy, däpdi,
"ýük çekmejek eşegi hem kürresin".

Indi işsiz, ýat illerde sergezdan,
ahal-teke atyn münüp Türkiýä,
ýa-da demirgazyk Kipre gaçan
çöregi kowalap, ýetdim-ýetdimde,
hem çagasyn gaýgy edýär, ne bolar,
kim nirede galar, nirde ulalar?

Bolşewik ýaşasa, KGB bolsa,
ýurduňda ýa yzyň çalsa sürgünde,
adyny üýtgedip, tanap bilmeseň,
seniň çagaň erkin ösmez bir gün-de!

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024