Gutarylmadyk goşgy

Ýanyp duran stalinçi, kommunist,
bolşewigiň ýüzün ýuwup ýat ilde,
ýat toprakda öldi hemem jaýlandy,
ýasyna barmadyk günäkär boldy...

Eý, alla, agzy boş nämeler diýmez,
özüni ulaldyp, gepläp ölmese.
Dogry, gynanýarsyň, kim bolsa bolsun,
adam ölse, ýeke ogly gelmese.

Ýöne nätjek, DIM bolan kän bäş-üç ýyl,
IIM bolan kän, hajy bolan has-da kän,
Gurbanbibi bajy bolan, beteri,
işi barka hemmesi bet, mamlady,
işsiz, garyp geçir diýip aglady.

Näme boldy, ne döw çaldy birdenkä,
nirden çykdy generallar, medally?
Ýa prokuror, sudýa, kazy-kelanlar,
bal tutan hem barmagyny ýalanlar?

Ýa biz şeýle sadamykak, ýaşmydyk,
deňsize deň bolman gyssak dişimiz,
o birisi birikdirýän lidermiş,
a öň hatar, ölmek biziň işimiz?

Olar ozal faşist bilen söweşde,
ýoluna et düşäp, ýeňipdi, zalym.
Heý, beýle-de ýeňiş bormy, sorasaň,
herreler üstüňe, ählisi alym!

A indi ilinden, ýurdundan gaçgak,
ejesine, kakasyna pil gumy
ýetmedikler ölen kommunist üçin,
saýmalymyş özün adamyň şumy.

Diýýärler syýasat hapa ýer örän,
uly-kiçi şondan çekilýär, belki?
Hapalaýar ony biri soň gelip,
a beýleki diýip men geldim ilki...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024