Ýoldaky gojanyň hüňürdisi

Biri-birin atyp, urup döwmse,
adam ogly dilde ýaralar, keser,
öwüner agyrtsa, ynjytsa näçe,
dilin, başyn çeýnäp, çünki
dogumlymyş ilden, ýeser...

Döwülen maşynlar ýaramaz derde,
bejermeseň, düzetmeseň kemini,
ýaglamasaň, ýetirmeseň ýangyjyn,
adamlaram şonuň ýaly,
olary döwmeli, maýyp etmeli,
bolsa ýeke özüň, bolmasa üýşüp,
tire ýa-da taýpa bolup başgarak,
ýa-da diňe pikir, garaýyş üçin,
tap getirip bilmän gahar-gazaba,
uruş ýolun saýlap alsaň uruşsyz,
bir seretseň, tapylmasa hiç kimse,
derege ýarajak, gerek bolanda,
biri onda gaçyp, beýleki munda,
besdir, adam döwmegi däl keýpine,
bejermegi öwren, tükenen millet,
uzyn hemem öz öýüňi ýumurýan,
bisowat diliňden çekme-de minnet.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024