Subutnama

Akmaklygyň nädip subut etmeli?
Soradylar adamlardan adamlar.
Diýdiler tapmaly obada nirde
iň akmak ýa samsyk saýylýan birin,
saýlamaly hany edip obanyň,
islänimiz edip gezeris diýip,
özümizden pesi ezeris diýip,
soň ol akmak atlyň atyny alyp,
eşegini alyp eşekliň hemme,
itini, güjügin alyp çopanlaň,
pişigini gyryp obaň gara, ak,
men bar diýip, hemem diýip ýeke-täk,
üstesine tigir sürüp üstünden,
milleti zyr däli etmeli günde,
aýdym aýtdyrmaly özüni öwüp,
aýtmajak bolanyň agzyny döwüp,
a dünýe diýmeli akmak-laý olar,
şol akmagy ýykyp bilmän on ýyllap,
kärleri bolsa-da, aýagyn köwüp.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024