KGB-niň syry
KGB nämüçin uzak ýaşaýar?
Sebäbi ol kän öldürýär, kän gyrýar,
belki-de o diýen öldürmän, alman
kellesini adamlaryň boş bolsa,
aýyrýar ol öňde duran, durjagy,
bolan bolup bir gurjagyň gurjagy,
iň esasy – öldürýär ol owadan,
namart, ýöne gaharlanman,
diýýär özün asdy adam zyndanda,
ýa ýykyldy suwa düşýän mahaly,
ýa-da maşyn kakdy ir ertir, daňdan,
gitdi pahyr ýasa goýup Ahaly,
içgiliräk boldy, belki,
ýylgyryp öldürýär KGB, ýeser,
dogan-dolananyň agladyp ilki,
dyzyna çökerip yzda galanyň,
sen soraýaň neden ölmeýär KNB,
sebäbi ol gullugynda ýalanyň...