KGB-KNB-niň islegi

KGB-niň türmesinde aç galsaň,
suwsuz galsaň, yssysynda tomusyň,
gyşda galsaň ot-ojaksyz bir gije,
ganly diwarlary basyp, basalap,
unutmarsyň tä ölýänçäň azabyn,
bar bolsa dowzahy şu bolar dünýäň,
KGB-niň işgärleri ýylgyrar,
bilmän ertir näme geljegin başa,
belki, sen gaçarsyň baş alyp daşa,
ýöne ol sowulmaz gaçanyň bilen,
demir gapysyny döwüp zyndanyň,
KGB öldürer ejeňi seniň,
KGB öldürer kakaňy seniň,
sebäbi nämemiş, elinden gelýär,
doganlaryň gyrnak eder, gul eder,
çagalaryn eder sergezdan, ýesir,
gedaý eder il-günüňi aç goýup,
sebäbi nämemiş, öl diýer KNB,
ýat ilde, ojagyň başynda buýup.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024