Bölüji adamlar

Bölüji adamlar bölerler içden,
bölüji adamlar bölerler daşdan,
böler olar ili-güni, milleti,
maşgalany böler, dogany böler,
dosty-ýary böler, böler kärdeşi,
bilip bölmez başda, belki,
bölüji bolýança bütin ömrüne,
ilki ene, atasyndan gidýänçä,
aýal bolsa, adamsyndan gidýänçä,
erkek bolsa, aýalyndan gidýänçä,
ozaly özüni özünden bölüp,
ikarada igleýänçä, ýitýänçä,
ýaşamagyň ýerne her günde ölüp.

Bölüji adamlar bölerler seni,
ýöne olar bolmaz günäkär, asy,
seniň özüň günäkärsiň, asysyň,
özüni tapmadyk ýa-da ýitiren,
ýazyjy, žurnalist, ýa ýene biri,
näme boljagyny bilip bilmedik,
ýa ýolda ýoluny urduran, uran,
bäş wagtdan başga hemme zat çykjak,
hatda çykjak bäş wagt hem içinde,
namaz okap, ertir-agşam ýalbaryp,
hatda hudaýy-da bölýän hudaýdan,
adamlardan özünden has arassa,
garalaýan adyn bilýän bendesin,
çünki onda ak bolmagyň başgaça,
ýa gowy bolmagyň, düzüw bolmagyň,
mally, hally, atly ýa-da görnükli,
oňat saklanmagyň çäresi ýokdur,
tapan däldir gözlese-de ol ony,
ýa gözlemän bes edendir tapmagy,
aňsat görüp öz ýorganyn ne bolsa,
çekip, dartyp aýagyna ýapmagy.

Bölüji adamlar böler içiňden,
bölüji adamlar böler daşyňdan,
birleşdirýän bolup görseň, diňleseň,
emma siňe seret, görnüp durandyr,
ol nirede bolsun, içerde, daşda,
kürsüde ýa aşagynda kürsiniň,
arzuwynda çykmaň ýokaryk bir gün,
depelemek bolsa, başarsa ili,
sen görmeseň, ol däl, özüň günäkär,
ýolda duşan ähli hapa-hupany
alyp gelýän, aýdyp gelýän suw-sili.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024