Garaşýanlar
Ýumruk ýaly guşam turýar, goraýar,
höwürtgesin, ýumurtgasyn, jüýjesin,
adam goramaýar, çekilýär, çünki,
hudaýy bar ýalan-ýaşryk özüçe,
dini ýa-da imany bar, gürletseň,
namazyn okaýar, täretin gylýar,
diýmek, hudaý ýa başgalar ylgaşlap,
onuň işin bitirmeli, etmeli,
ogryny, jümrini kowmaly daşlap,
döwlet ogry bolsa, urşup ölmeli,
zyndanynda eli, aýagy bagly,
sebäbi işi ýok, derdi ýok başgaň,
maşgalasyn, özün pikir etmeýär,
otuz ýyldyr ýatan millet garaşyp,
guşça-da ýok, şuňa akly ýetmeýär.