Imanly adam

"Wirus sebäpli ýüzüňe maska daksaň, obada üstüňden gülýärler, 'imansyz' diýýärler". Žurnalistiň gürrüňinden

Her kimiň öz imany bar dünýede,
içýäniň-de imany bar özüniň,
çekýäniň-de imany bar özüniň,
ogrularyň, ýalançynyň, kezzabyň,
uly, kiçi ogurlaýan, talaýan,
allany, hudaýy ýa-da döwleti,
adam hukuklaryny öňüne tutup,
türmä basyp iň garyby, tozany,
pully jenaýatça gülüp, baş atyp,
adam öz imanyny saýlaýar görüp,
bilip alýar ýany bilen, taşlaman,
alyp gidýär nirä gitse ýanyna,
bir adam öldüren imansyz bolar,
imanlymyş galan ýüz müň ganyna...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2020