Göwünlik
Adam özün köşeşdirdi:
şükür, alla, biz ýeke däl,
talaňçyny gowy görüp,
başyn egýän öňünde oň,
yzagalak, gul göwünli,
metbugaty açylan kän,
saýlawlary goçak örän,
bize görä öňe giden,
has edenli milletler bar,
baýlary baý, garyplary,
baýa görä özündän kän,
salgydyny köp töleýär,
üstesine azatmyşyn,
erkinmişin, ynanýarlar,
bizde, şükür, iň bolmanda,
garyplyga gynanýarlar.