Ösýän millet

18-nji maýda Aşgabatda bir ýetginjek ýag nobatynda göwreli aýalyň garnyna depip, onuň alty aýlyk çagasyny düşürdi. Metbugat habary

Tüweleme, millet ösýär, ulalýar,
şöhrat bilen şany ýaň salýar dünýä,
ýigitler bar, murt çykmanka edenli,
göwreli aýalyň öňüne geçip,
nobatyny alýar dogumly, ýeser,
dur diýilse, kellesin däl, bol zadyn,
aýagyny ulandyrýar ýag-heser...

Dogulmadyk çaga öldi düşünmän,
niredi, wah, geljek, doguljak ýeri?
Ýa-da gelmän dogry etdi,
orta ýoldan gaýdyp geri?

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024