Gymmatlyklar
Aýak köwmek bolsa milli gymmatlyk,
bir-biregi itmek bolsa çukura,
arkasyndan urmak bolsa adamyň,
öwen bolup, oýnan bolup, köp bilip,
öwretmeli bolsa nas, çilim, arak,
ýa betinden: meňmi-tirýek ýa gerre,
ýa ýalan söz, ýarym ýalan, ýöwsellik
aýdylmaly çyna gezek gelende,
altmyş ýa-da ýetmiş ýylda bir gezek,
üstesine bihaýalyk, bahyllyk,
ruhy gedaýlyk, aňrysy gelmez,
öwünmek özüňi, özgäni bilmän,
söweş başlanmanka batyrlyk hasam,
kişini kemsitmek ýeňlip uruşman,
bizde bar bularyň hemmesi, ýeter,
ýüregimi ýakma beter?!.