Ýalan ýoldaş
Çapgyn şemal ýaly mydam,
hem öňden, hem yzdan ösýän,
ýüzüňi ýa gulagyň däl,
iň esasy sözüň kesýän,
ýoluň kesýän oňlan bolup,
pikirdeşden il ýüzüne,
baýnamarsyň, baýnamarsyň,
gün çyksyn ýa ýagyş diňsin,
hezil edip daş çykmarsyň,
bilse geler, alar badyň,
gülen bolup tutar adyň,
çagaň bilen oýnamarsyň,
ýa kenarda, çyg çägeden
gurunmarsyň gumdan gala,
öz-özüň bolup mübtela,
piljagazyň ogurlar ol,
dyrmyjagyň döwüp gider,
hem galaňy guruşmaz ol,
ýalanjykdan öwüp gider.