Surat

Adam pahyr

Adalaty kim getirip bermeli,
owadan kagyza dolap,
agzy nasly ýa-da suwly millete,
ýa dograma iýip ýatjak,
hudaýýoly etse biri,
gaçanlarmy türmesinden döwletiň,
ýa olaryň yzyn çalýan jellatlar,
KGB-mi, ozal baýlary gyryp,
ýoksullaryň şalygyny dikelden,
indi durýan goragynda elitaň,
ýoksullardan ösüp çykan, elbetde,
kimiň başga hiç işi ýok dünýede,
oýunçy bolmasa ganly oýunda,
ot bilen oýnaýan eger oýnasa,
oýnamasa, perwana dek bir agşam,
oda urup ölýän ahyr,
adalaty kim getirip bermeli,
bu soraga jogap agtarýar mydam
hem tapmaýar adam pahyr.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024