Bil oňurýan professorlar

Gulagyňa degýär käte,
azda-kände tanalýan ýa bilinýän,
ady çykan alym, bilimli, pylan,
professor, dosent käýinýär agyr,
sada bolsaň hökman diýmeli "aha",
sebäbi adyny ýazyp bilmeýän
alýarmyş hemişe owadan baha.

Kim goýýar bahany, bu başga sorag,
ýurdy ýykýan iň ýokarky bolsa-da,
ol aşakdan alýar direg, daýanjyn,
basgançak, basgançak beýgelýär bina,
bir gün ýykylmaly üstünden iliň,
professor, dosent, hemmesi üýşüp,
oňurýar dikeljek milletiň bilin.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2020