Ýalan döwlet

Döwlet ýa hökümet diýilýän dilde,
durşy bilen arka dursa ýalana,
ogurlyga arka dursa,
arka dursa haramlyga her ýerde,
hemem bilse ýerden ýöräniň bary,
mekdep gapysyndan ätlän çagadan,
goja çenli bir aýagy o taýda,
aralykda mugallymlar ozaly,
soňra öňe çykan onda ýa munda,
professor, alym, ýazyjy, şahyr,
aýdymçy, sazanda, žurnalist, ýene,
döwlet diýmek ýalan diňe,
talaň diňe onuň işi,
ejizi ezmeli soňuna çenli,
alanyň, çileniň ýylgyrar dişi,
ýöne millet muny bilmedik bolsa,
oýnasa oýnuny ýalan döwletiň,
hökümetiň özi öz gabryn gazýan,
hiç kim käýinmese daşyndan, gaty,
ýa bolmasa içden gaýnaýan, gyzýan,
gelmeli ýerine gelendir otly,
garaşma ol mundan uzaga gider,
zogun çalyp, barýan bolsa-da batly.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024