Surat

Gadaganlyk

Meniň 1993-nji ýyldan bäri gadagan goşgularymy toplap, öz hasabyna çap edýän N.Annagurbana bagyşlanýar

Her ýylda bir kitabymyz çykmaly,
ýüregi ak, saçy gara oglandyk.
Arman başga şahyr saýlady millet,
bize görä çuňňur ýazýan has, meger,
okap-okap doýmaýarlar, bilýäris.
A biz aýra düşüp, garaşyp ölen,
ejemize, kakamyza bagyşlan
kitabymyz depämizde göterip,
geçjek bolýan ýaly derýany boýlap,
çal başymyz oka tutup gelýäris.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2020