Sen iliňe boljak, geljegi öwret

Sen iliňe, eger başarsaň, bilseň,
öwret kelle ulanmagy dilden öň,
özi hakda oýlanmagy ilden öň,
belki, özi hakda pikir etmegi,
telperlikden çykyp özüne mahsus,
mümkin bolan çuňluklara gitmegi,
öwrenmegi ilden, gülmäge derek,
ýaşamagy gowy, ölmäge derek,
diri wagty kim-kimlere gul bolup,
öwret ile kemislerin görmegi,
aňşyrmagy ýalňyşlaryn tirkeşen,
öz üstünde işlemegi, durmagy,
sen iliňe gygyrmagy öwretme,
damak ýyrtyp, mamla wagty,
kiçelmegi, kemsitmegi öwretme,
kemsitmeden çykmak üçin,
ýa haýbat atmagy, yzy gelmejek,
sen, başarsaň, boljak, geljegi öwret,
bolsun diýseň baky galjak, ölmejek.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024