Ykbal sowgady

Saňa watanyňda duzak gurarlar,
saçagyň başynda çörek uzadyp,
ejeň mazarynda duzak gurarlar,
ataň mazarynda duzak gurarlar,
dogan-gardaş gözlerini tegeläp,
taýýar bolar seni gurban bermäge,
KGB-niň eli uzyn, bilerler,
dili uzyn hökümetiň, döwletiň,
gepletmezler başga pikir aýtjagy,
köne kärdeşleriň gazyp gabryňy,
taýýar bolup durar gum sürer ýaly,
watanyňda saňa duzak gurarlar,
saýlap alsaň watançynyň ykbalyn.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2020