Mesele goşgusy

Gül hakda ýaz, bag hakda ýaz,
ýaz saýraýan guşlar hakda şahada,
şemal hakda şahalary yraýan,
ygşyldadýan ýapraklary owadan,
emma meseläni ýazma, agzama,
ýazma problema goşgusyn, oglan,
ilki redaktor öwreder gowy,
gaty gitseň, maslahatçyň kän bolar,
ahyry KGB ýüzüňe urar,
hapa türmesini, diwary ganly,
gül ýakda ýaz, bag hakda ýaz,
ýaz saýraýan guşlar hakda şahada,
boljak bolsaň şöhrat-şanly,
galjak bolsaň Pöwrizede,
ýa-da başga ýerde janly...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2020