Gaz we gapjyk problemasy
Goşup bilmän iki bilen ikini,
üstesine dört diýene bäş diýip,
hasaby öldürip ýurtda, döwletde,
mantyga, akyla garşy türmeli,
ýa-da çykyp telper tahýajyk geýip,
10% aýlygyny galdyryp,
ýylda 100% hakyny iýip,
milletini gedaý goýup, aç goýup,
hem türmede, hemem daşynda soýup,
a gideni talap aeroportunda,
uly-kiçä bir-birini satdyryp,
düşünişen dünýä bilen däl diňe,
söwda eden ýüpek ýoluny gurup,
iki adam bolmady we bolmajak,
emma biri synanyşýar, irmeýär,
çünki kellesi däl, gapjygy goçak.