Arabyň allasy
Arabyň allasy ýadatdy bizi,
gylyç bilen boýnumyza dakylan,
ýatdan çykdy kitabymyz ýakylan,
hadyslaryn ýazyp berip jeňçiniň,
ýazyjy ýasan dek Saparmyratdan,
görenimiz görgi boldy,
edenimiz bergi boldy,
hem görýäris näçe ýaşasak ýerde,
alla diýýän azýar emel ýetende,
başyňa iş, döwlet töhmeti düşse,
bilýärsiň, hudaýdan haraý ýok asla,
üstesine sygynara, gaçara
bir, ýekeje döwleti ýok arabyň,
allalymyş, hudaýlymyş gürletseň,
pikir gelýär: ýüz öwürip alladan,
dolanmaly taňrymyza terk eden,
ot ýakmaly, çoýunmaly, bökmeli,
biz bilýäris: kesel galmaz ot bolsa,
arabyň allasy ýadatdy bizi,
haýp adam ýoga garaşyp solsa...