Alty diplomly adam
Meniň alty diplomym bar, öwündi,
bir sagada ýetmän, üç gezek adam,
üstesine barha sesi gataldy,
sebäbi kän ynanmasa özüne,
käbiri gygyrýar özi hem bilmän,
kä sözüne zordan saklandym gülmän,
ýogsa, üsti-başy sypaýy, tämiz,
hemem uly işde işläpdir, ýöne
iň boş ýaly iň gymmadyn geýmändir,
emma diplom sözi gulagma degdi,
täze köwüş ýaly agyrtdy gaty,
sebäbi bilýärdim sowet diplomyn,
kursumyzda ýetmiş oglan-gyz bardy,
ýarysy dekanyň ilçesindendi,
beýleki ýarysy başga hossarly,
kitap gatyn açman gelýärdi olar,
hars urup okana gülýärdi olar,
ýa bilýärdim ylmy işler nähili,
nirede goralýar, goraýar kimler,
meniň alty diplomym bar, öwündi,
men özümi duýdum bisowat, kemli.