Okamadygyň howasy

Ildeş diýdi hiç zadyňy okamok,
hemem diýdi, walla, diýenim bolsa,
atmaly ederdim ähli şahyry,
ýazyjyny, žurnalisti, artisti,
sebäbi şolarda belaň körügi,
önüm öndürmeýär hiçisi düzüw,
adam ruhunyň inženeri däl,
ýok edýärler bizi dünýämiz bozup!

Güldüm, gürrüň ikiçäkdi, jogabyň,
ýa geregi bardy, ýa ýokdy asla.
Soň bir gün öňümden çykdy YouTubede,
ondan-mundan gedem-gedem gürledi,
hemem diýdi, walla, erkimde bolsa,
oda berjek, ýalna berjek milleti!

Bu gezek kän, gaty gülkim tutmady,
hemem ugrum bolman oturdym, turdum,
bendäň meni okamany owarram,
ýöne okan bolsa gowy bolardy.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024