Prokuror millet

Ýaňy dil çykaran çagadan başlap,
ölhit garra çenli, öňki kommunist,
a soňundan hajy bolan KGB-ä
adam satyp, para berip üstüne,
öňe çykan biri bolsa ýüz ýyldan,
ýüregi päk, çyndan bilini guşap,
ýa oýunçy, ýele görä öwüsýän,
tapawudyn bilmez, at dakar daşdan,
garyp-gatar, hapa atar başarsa,
hem gyssanmaç hökümini çykarar,
gara çyrşak eder ýüzün oglanyň,
prokuror millet işine ökde,
başyn iýer özi üçin doglanyň.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024