Uly ýalanyň soňy
Georgi Satarowyň äheňinde
Uly ýalan ulaldykça has gowy,
has täsirli bolýar, dogry, azajyk,
emma sähel uzak gitse beýle däl,
sebäp ýalan ulaldykça has uly,
has gödeňsi yz galdyrýar yzynda,
ýadaýar adamlar dikelip bilmän,
näçe uzak ýöredilse dyzynda...
Uly ýalan ulaldykça has gowy,
has täsirli bolýar diýseler, ynan,
dogrudanam, ol azajyk işleýär,
hususan-da biraz gowulyk bolsa,
güni geçse biraz gowy köplügiň,
emma ýalan ulaldykça, ösdükçe,
şarpygyny dadan köpeler onuň,
hatda görmejegem görer, aňşyrar
haçan, nirä alyp barjagyn munuň.
Iň beteri iň esasy ýalançy,
öňki ýalanlary goran, ösdüren,
iki-ýeke gürlejegi susduran,
özi ýalan sözläp, özi el çarpyp,
ynanýandyr öýdüp her gorkan, dyman,
öz-özüni oýnap, öz-özün aldap,
özi öz ýalanna ynansa ýaman!
Seret çaga, iş edinip çägeden,
kakasyna, ejesine güjeňläp,
deňiz kenarynda gurýan gum gala,
ýöne şemal össe, güýçlense tolkun,
paty-putusyny alyp ýetişmän,
taşlap ýalan şalygyny yzynda,
goltugynda ejäniň ýa kakanyň,
gaçar çaga sessiz aglap.