Ýaş türkmeniň zeýrenji
"Garaşmandym - diýdi ýigit,
- ýat ülkede duşup biri,
tiräm bilen gyzyklandy,
aýtdym, diýdi 'menem şol-da!'
Näme duşmaz uzak ýolda?
Maňa näme - diýjek boldum,
- kim bolany seniň aslyň,
ahyrynda ogry bolsaň,
ýa bolmasa dogry sözüň,
hemem elli, altmyş ýaşap,
ýurduň talap gelip daşda,
görüp ili, nirä barýar,
ýollaryndan ýöräp her gün,
duzun iýip başgalaryň,
ikiýüzli galsaň mydam,
gelen ýeriňdäki ýaly,
boljak bolman sähel adam..."