Siziň ýeriňiz
This land is your land. Pete Seeger
Bu ýerler siziň ýeriňiz,
siz ekmeli, siz dikmeli,
siz sürmeli, goramaly,
bir Lebaby, Balkany däl,
bir Maryny, Ahaly däl,
bütin ýurdy soramaly!
Bu ýerler siziň ýeriňiz,
azat-erkin ýaşamaly,
Balkanda ýok näme bolsa,
Lebap taýdan daşamaly,
Daşoguzdan getirmeli,
ýa Maryda ýetmeýänin
Ahal taýdan getirmeli,
ýa Balkandan uzatmaly,
ýa Marydan ýetirmeli,
Ahal taýda ýetmez bolsa,
bu ýerler siziň ýeriňiz,
hem tuwagy ýüzüňiziň,
ýurt solar ýüzüňiz solsa!
Bu ýerler siziň ýeriňiz,
Lebap, Ahal ýa-da Mary,
ýa Daşoguz, ýa-da Balkan,
bir-bitewi ýurt siziňki,
kesekiň däl, bütin halkyň,
taýpanyň däl, tiräniň däl,
adamlaryň ýurdy watan,
dogan ýeri, ölýän ýeri,
ata-baba gelýän ýeri,
bu ýerler siziň ýeriňiz,
size galdy atalardan,
siz ekmeli, siz dikmeli,
gorkman aňy agtalardan!