Ütüji
TW-sine seretseň sen,
ol atarman, çaparmandyr,
arasynda ýazarmandyr,
kitaplary hatar-hatar,
bar ýazaryň pesdir howy,
hem sürüji, hem görüji,
dikuçardan görýär gowy,
iň esasy – gurluşygy,
il rysgyndan urluşygy,
aýdyjy ol, sazanda ol,
gözi mydam gazanda ol,
syýasatda deňsiz, taýsyz,
saýlaw bolsa, utujy bol,
boldy-boldy, ile boldy,
çünki halkyn ütüji ol.