O milletiň liderimiş

O milletiň liderimiş, at çapýar,
at oýnadýar, has anygy,
sowgat berlen, para berlen atlary,
näçä ýetdi berlen peşgeşiň sany,
nämesi bar ýurt içinde, daşynda,
ne özi, ne ogly, agtygy bilýär,
ertir kime ýal bolmaly, ýitmeli,
aslyna seretseň, garybyň maly,
allasy, hudaýy, taňry, ýaradan,
ýa öz bellän parlamenti, kazysy,
agzyna suw alan balyk mysaly,
dymýar, emma bilýär näme bolýanyn,
kanun arzan kazysyndan o ýeriň,
pyýada barylýan, ýagny,
a milletiň gelinleri gül ýüzli,
baýdak ýaly, götermeli depede,
ýigitleri, gyzyl ýüzi solmasyn,
ýat illerde hammal bolup işleýär,
döwüm çörek üçin ýurt aşyp gidip,
o milletiň liderimiş, at çapýar,
has anygy - özün ýok edýär idip!..

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024