Göýdüklik
Mafiýa döwleti seniň
ejeňi-de sylamaz,
kakaňy-da sylamaz,
sylamaz ol çagalaryň,
dogan-gardaş, dolananyň
gaçar garşy çyksaň şere,
şärik bolsaň - guwanarlar,
göýdük iliň kadasy bu,
öňden gelýän ýodasy bu,
oýlanarsyň kelle döwüp,
bu nämüçin beýle bolýar,
neden haýra gol uzadýan,
öldürilmän, içden ölýär?
O birleri az bilýärmiş,
çagalykda garyp ösen,
okamandyr Keminäni,
geýmändir oň çäkmenini,
a beýleki has köp bilýär,
seniň geçen ýoluň geçmän,
suwa gaçman, oda bişmän,
çykjak hem ýokarda durjak,
hemem haýyr diýen bolsaň,
eli gelse namart urjak,
gelmese yzdan gygyrjak,
öz deňine getirjek ol,
bagtyň bolsa, ýatyrjak ol.
Mafia milleti seniň,
ejeňi-de sylamaz,
kakaňy-da sylamaz,
sylamaz ol çagalaryň, maşgalaň,
özüňden öň işiň, pişäň, hünäriň,
senediňi masgaralar,
kesä çeker sözüňi ol,
sen gözleme başga sebäp,
sylap bilmez özüni ol.