Ruhy krizis

Dogry sözliň dosty ýokdur bu ilde,
bolsa tapyp, kowar ýedi obadan, -
öz sözleri, töhmeti däl duşmanyň,
hem görmersiň utanjyny, puşmanyn.

Dogry sözliň dosty ýokdur bu ilde,
diýmek dosty bolmaz ulusyň, iliň,
dogry sözi aýdyp biljek dik durup,
başa bela inen güni, giç dälkä,
agasynyň dosty ýokdur olaryň,
çagasynyň dosty ýokdur olaryň,
geçmişiniň dosty ýokdur olaryň,
geljeginiň dosty ýokdur olaryň,
okuwy, bilimi para, pul bilen,
nadanlygyň kirşenine dykanda,
biri-birin garalanda aslyşyp,
iň düzüwin badak atyp ýykanda,
sesini çykaran bolmaz, tapylmaz,
dogry sözli ýöne ýere gapylmaz.

Dogry sözliň dosty ýokdur bu ilde,
diýmek, dogra garaşmaly daşardan,
başga ilden gelip halasgär, halal,
guramalar gutarmaly milleti,
köp, köpeler gözün-gaşyn tegelän,
ýa aljyrap, ýeňsesini gaşanlar,
özün aldar ýalan bilen ýalançy,
dogra gelmez ýalan bilen ýaşanlar,
hemem gündiz çyra alyp eline,
gyzyl-dörjük eder ýurduň daş-için,
dogry sözli barmy galanu-gaçan,
goramak üçin däl, ýok etmek üçin.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024