Ritoriki sorag

Işikdäki towujagy maşgalaň,
şagal ýa-da adam girip ketege,
ogurlansa, talansa,
adam pahyr jibir-jibrinýär,
kel toklusy ogurlanan gapydan,
ýa kündügi ýyrtyk galoşy bilen,
ýa-da ýeke sygry, sagynýan, içýän,
süýdi bilen mydar edýän çagasy,
ogurlansa, ot çykar oň gözünden,
bolmanda ýatanda dişini gyjar,
ertir irden turar ýumrugyn düwüp,
emma ýurduň ogurlansa ýüz ýyllap,
ogra diýip uly dogan, beýik är,
sen onuň aýagyn ýuwmaly bolsaň,
ýa aragyn içip günaşa, günde,
hiç parhy ýok, ýurt içinde, sürgünde,
duşman diýip bilmän duşmana açyk,
basyp alan diýse basmaçy, wagşy,
adam bolan bolsaň özüňden gaçyp,
ýa talajak bolsaň talanan ýurduň,
öz ýurduny talan ogryny öwüp,
sen adammy ýa-da syýasatmy bu,
ýa özüni ýykýan aşagyn köwüp?..

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024